ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine hüjümleri bes etmegi üçin goýlan möhleti 10-12 güne çenli gysgaldandygyny aýtmagynyň yz ýany, Russiýanyň Ukraina garşy täze raketa we dron hüjümlerinde azyndan 20-den gowrak adam öldi, onlarça adam ýaralandy.
Tramp 28-nji iýulda eden çykyşynda Putinden “lapykeç bolandygyny” aýdyp, Russiýa bilen Ukraina arasynda parahatçylyk şertnamasyny baglaşmak üçin iki hepde öň beren 50 günlük möhletini has-da gysgaldýandygyny mälim etdi. Bu parahatçylyk tagallalarynyň 7-9-njy awgust töwereginde netije bermelidigini aňladýar.
Kreml täze möhlete gönüden-göni reaksiýa görkezmedi, emma Russiýanyň öňki prezidenti, häzir Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew 29-njy iýulda eden çykyşynda, Trampy “Russiýa bilen ultimatum oýnuny bes etmäge” çagyrdy.
Russiýanyň iň agyr zarbalaryň biri Zaporižýe sebitine degdi. Oblastyň harby administrasiýasynyň başlygy Iwan Fýodorowyň aýtmagyna görä, bu sebite dolandyrylýan howa bombalary bilen zarba uruldy.
Ukrainanyň türme gullugy hüjümleriň Zaporižýe sebitindäki Bilenke obasynda ýerleşýän düzediş koloniýasyna hem gönükdirilendigini habar berdi. Hüjüm netijesinde azyndan 17 adam öldi, 82 adam ýaralandy.
Partlamada türme binasyna we golaýdaky ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetdi.
“Ähli ýaralylara gyssagly medisina kömegi berilýär” diýip, Fýodorow aýtdy.
Ukrainanyň Dnipropetrowsk oblastyndaky Kamýanske şäherinde raketa zarbasy birnäçe bina, şol sanda bäbekhana we başga bir hassahana zeper ýetirdi. Hüjümde iki parahat ýaşaýjy öldi we bäşisi ýaralandy, olaryň arasynda ýagdaýy agyr iki zenan bar, olaryň biri göwreli.
Dnipropetrowsk sebitine urlan başga bir zarbada asuda ilatyň arasyndan bir adam heläk boldy.
Şol bir wagtda, Ukrainanyň harby güýçleri gijäniň dowamynda Russiýanyň birnäçe sebitine garşy uzak aralykly zarbalar bilen jogap berdi.
Ukrainanyň Harby howa güýçleri Russiýanyň Rostow, Kursk we Belgorod şäherlerindäki harby infrastrukturalara, howa bazalaryna we ýangyç ammarlaryna onlarça dron we raketalar bilen zarba urandygyny mälim etdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi bäş sebitiň üstünde 74 ukrain dronunyň ýok edilendigini aýtdy.
Dördünji ýylyna giren bu uruş dowam edýän mahaly, ukrain resmileri we adam hukuklaryny goraýjy guramalar Russiýanyň raýat nyşanalaryna edýän zarbalaryny “uruş jenaýatlary” hökmünde häsiýetlendirýärler.
Hassahanalar, ýaşaýyş jaýlary, elektrik beketleri we beýleki raýat desgalarynyň nyşana alnandygy baradaky deliller artýan hem bolsa, Kreml raýat nyşanalaryna bilkastlaýyn hüjüm etmeýändigini öňe sürmegini dowam etdirýär.
Forum