Türkmenistanda ýurduň we halkyň bähbitlerini, hukuklaryny goramaly, kanunlaryň berjaý edilmegini üpjün etmeli harby gullukçylaryň, hukuk goraýjy işgärleriň barha ulalýan ýetmezçiligi hökümeti uly alada goýýar diýip, Azatlygyň habarçysy we çeşmeler habar berýär.
Harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy işgärleriň ýetmezçiligi Ahal welaýatynda has ýiti duýulýar, bu ýetmezçilik paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynda çuň kök uran ‘beýik para daragtyny hem yrgyldadýar’ diýip, aşgabatly çeşme aýtdy.
Azatlygyň habarçysy häzir häkimiýetleriň ýurduň bir zaman girmesi aňsat bolmadyk harby institutyna okuwçy gözleýändiklerini habar berýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 1993-nji ýylda döredilen Harby instituty häzir, aýdylmagyna görä, okuwçylary mugt, para-peşgeşsiz kabul edýär.
Ýatlatsak, bu institutda rektor bolanlaryň biri Batyr Sarjaýew soň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.
Azatlygyň çeşmeleriniň sözlerine görä, harby gullukçylaryň ýetmezçiligi Harby institutyň işgärlerini harby bölümlere aýlanyp, abituriýent gözlemäge mejbur edýär.
“Harby institutyň işgärleri esgerlerden paýtagtdaky harby instituta okuwa girjegiň barmy diýip soraýarlar, eger bar bolsa, häzir aýdyň, mugt kabul edýäris, ýok, hojalygym, ýagny ata-enem bilen maslahat etjek diýseňiz, bir hepdäniň içinde ofiserleriňize aýdyp, biz bilen habarlaşyň diýýärler” diýip, anonimlik şertinde gürleşen esger aýtdy.
Harby institutda okamak isleýän 'tas ýok'
Azatlygyň söhbetdeşi öz gulluk edýän harby bölüminde harby institutda okamaga höwes bildirýän esgeriň tas ýokdugyny aýtdy.
“Harby gullukçy bolaýynmy, instituta mugt alýarlar diýip, öýleri bilen habarlaşan esgerleriň ene-atalarynyň ählisiniň beren jogaby meňzeşräk boldy, adamlar ogullaryny bu institutda okatmak islemeýär” diýip, esger adamlaryň ýagdaýyna düşünýändigini belledi.
“Ene-atalaryň käbiri ‘ýok, gullukdan geleniňden soň, seni daşary döwletleriň birine ýokary okuw jaýyna ugratjak, hem okarsyň, hem işläp, öýe pul ugradarsyň, öýlenjek puluňy jemlemeli, sen harby gullukçy bolsaň, öýlenmäge puluň bolmaz, soňam iş üsti bilen ol welaýatdan beýleki welaýata gidip, hemişelik ýaşaýan ýeriň bolmaz, jaýyň bolmaz” diýse, beýlekileri gönüden-göni ‘ýok, daşary ýurtlara gidip işle, onsuzam saňa bil baglap, garaşyp otyrys’ diýýärler.”
Esgerleriň biri ene-atasynyň harby instituta girmek teklibine pul berjek diýselerem ‘bolýar’ diýäýme diýip tabşyrandygyny aýtdy.
“Bizem il-gün ýaly, 2 otagly bolsa-da, özbaşyna jaý salaly, yzyňda jigileriň bar, hojalygy eklemek seniň boýnuňa, harby instituta gireniň üçin pul berjek diýselerem, razylaşaýma. Gidip, daşary döwletde işläp, öýe pul iber, ýaşap oturyşymyzy bilýäň-a diýdiler” diýip, esger häzir öz gulluk edýän harby bölümindäki ofiserleriň arasynda hem işden çykyp, daşary ýurtlardan iş gözlemegiň aladasyny edýänleriň az däldigini aýtdy.
Işgär ýetmezçiliginiň hukuk goraýjy edaralary, polisiýa bölümlerini hem uly alada goýýandygy habar berilýär.
Parasyz okuw 'myş-myşlary' ýaýradylýar
Habarçymyzyň ýazmagyna görä, häzir il arasynda “ýangyn söndüriji bolup işlän adamlary polisiýa, ýol gözegçilik gullugyna işe alýarlar, ýaş, harby gullugy tamamlan oglanlary hem polisiýa edarasyna işe alýarlar, öňki ýaly 5 müň amerikan dollaryna däl, häzir 2 müň amerikan dollaryna hem işe durup bolýar” diýen gürrüňler ýaýradylýar.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmeniň aýtmagyna görä, polisiýada işlejek adamlaryň azalmagynyň düýpli sebäpleri bar:
“Hukuk goraýjy bolmaga höwesjeň adamlaryň içinde 3 arkasynda türmede oturan ýa oturyp gelen ýakyn garyndaş bar, şol sebäpden olaryň hukuk goraýjy bolup işlemek höwesleri ýanýar. Beýleki bölek adamlar bolsa, ‘bu işde gargyş alyp işlänimden, gidip söwda edenim gowy’ diýýärler.”
Polisiýa bölümlerindäki işgär ýetmezçiligi, hukuk goraýjy edalarda işleýän we aýry-aýrylykda gürleşilen adamlaryň tassyklamagyna görä, işden çykyp, daşary ýurtlarda işlemäge gidýän hukuk goraýjylaryň köpelmegi bilen bagly.
“Hawa, hakykatdan hem işgär azalyp barýar, köp işgär daşary ýurtda işlemäge gidýär. Munuň sebäbi uzakly gün plan tabşyrylýar, düzgün bozan adam tapmaly, protokol doldurmaly ýa-da para alyp, alan pullaryňy başlyga bermeli. Üstüňe ýüklenen protokol planyny dolup bilmeseň, ýa-da eliňe radar alyp, her günki getirmeli puly getirmeseň, onda sen iş başarmaýan adam bolýarsyň. Seni ýangyn söndüriji edip, başga işe zyňýarlar” diýip, işini ýitiren polisiýa ofiseri soň özüniň ozal saklan, protokol ýazan ýa para alan adamlarynyň gözünde ‘iň erbet adam’ bolup galandygyny gürrüň berdi.
Öňki höwes, soňky tejribe
Işe duranda höwes bilen işlän we soň bolýan zatlary görüp, öz arzasy bilen işden çykan hukuk goraýjy Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşip, ‘bizde diňe ýolbaşçy işgärler pullanýar’ diýdi.
“Men öňler hukuk goraýjy bolup işe duranymda, jenaýatçylary tussag edýärin diýip, höwes bilen işlärdim. Emma gün-günden işimden sowadym. Soňky wagtlar gören zatlarym gowy däl: bir adam soraga çagyrylsa, jenaýat işini edendigini boýnuna goýmak üçin, urup- sögülýär. Netijede, ol adam urga çydaman ‘hawa, men jenaýat etdim’ diýýär. Soň ol türmä basylýar. Aradan kän wagt geçmän hakyky jenaýatçy tapylýar, onam başga zat ýöňkäp, türmä basýarlar. Ondan öň ýalňyşlyk bilen basylan türmeden boşadylmaýar” diýip, öňki hukuk goraýjy öz tejribesini paýlaşdy.
Şeýle-de, ol ýokary wezipeli adamlaryň garyndaşy ýa tansy bolan jenaýatçylaryň tussaglykdan göni boşadylyp bilinýändigini, para, pul berip, özüne derek başga adamyny türmä ugradan jenaýatçylary hem görendigini gürrüň berdi.
Türkmenistanda hukuk goraýjy edaralar, harby gullukçylar bilen bagly düzgün bozmalar, adam hukuklarynyň gödek bozulmalary barada açyk-aýdyň derňewler geçirilmeýär we ilata, şol sanda ejir çekenlere hem doly maglumat berilmeýär.
Şonuň bilen bir wagtda, dürli ýyllarda uzak möhletli türmä basylan hukuk goraýjy işgärleriň eden agyr jenaýatlary barada TDH-nyň çap eden, ýöne näderejede dogrudygyny barlap bolmaýan maglumatlary hem bu ugurlarda häzir işleýän ýa öň işlän türkmenistanlylaryň ýagdaýynyň asla ýeňil däldigini yşarat edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum