Arkadagda gurulýan kaşaň metjide ilatdan pul toplamak işi dowam edýär. Häkimiýetleriň pul toplamak boýunça işleriniň bir bölegi döwlet edara-kärhanalarynyň üsti bilen geçirilýär. Býujetden aýlyk alýan türkmenistanlylar öz zähmet hakyndan bir bölegini tabşyrmaga mejbur edilýär. Hususy işewürlerden hem pul talap edilýär.
Şu günler Balkan welaýatynda tas ähli býujet edaralarynyň işgärlerinden we ýerli telekeçilerden Arkadag şäherindäki metjit gurluşygy üçin pul tabşyrmak talap edilip, maliýe serişdesiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr sahawat gaznasyna geçirilmelidigi habar berildi. Bu barada Azatlygyň ýerli çeşmeleri 29-njy iýulda habar berdiler.
Hususan-da, býujetçilerden talap edilýän puluň mukdary 350 manatdan başlanýar. Bu Merkezi Bankyň kursy boýunça 100 amerikan dollaryna barabar bolýar.
"Tomusky dynç alyşdaky mugallymlara, polisiýa we saglyk işgärlerine duşenbe güni jaň edilip, iş ýerlerine barmagy soradylar we alýan aýlygynyň mukdaryna görä, 350 manatdan 500 manada çenli gazna pul geçirmegi talap etdiler" diýip, balkanly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Pul toplamak boýunça bu çärä prezidentiň aýal dogany Oguljahan Atabaýewanyň "hut özi gözegçilik" edýär diýip, ýene bir balkanly çeşme "şol sebäpli ýekeje pudak hem çetde galmaz" ýaly edaralar pul geçirendigi barada maglumat bermeli diýdi. Onuň sözlerine görä, pul tabşyrmak talaby dürli edaralaryna, şol sanda harbylara we medeni guramalaryň işgärlerine duýduryldy.
Arkadagdaky metjidiň düýbi Ahal welaýatynyň baş metjidi hökmünde, 2023-nji ýylyň ýanwarynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça tutuldy.
Döwlet metbugatyna görä, ýurduň iň uly bu metjitleriniň biri 30 müň adama niýetlenýär. Umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müňden gowrak adamyň namaza durmagyna mümkinçilik bermeli. Mundan başga, metjidiň 1500 adama niýetlenen sadaka jaýy we 97 metr belentlikde syn ediş meýdançasy bolmaly.
Çykdajylar we goşantlar
Resmi maglumatlarda bu ägirt binanyň bahasy agzalmady, emma onuň howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna guruljagy aýdylypdy. Oguljahan Atabaýewa bu gaznanyň wise prezidenti.
Türkmen.news neşiri bu metjidiň gurluşygyna çykdajylaryň 400 million dollardan geçýändigini habar berdi. Garaşsyz neşriň bu gurluşykdan habarly çeşmesine salgylanyp, ýazmagyna görä, bu ýerde güýçli depginde barýan işleriň çäginde metjidiň golaýynda Gurbanguly Berdimuhamedow üçin niýetlenen mawzoleý hem gurulýar.
Maglumata görä, mawzoleýiň bahasy agzalman, "binalaryň ikisiniň-de ajaýyp boljagy" we "gymmatbahaly daşlar bilen bezeljegi" bellenýär.
Bu maglumatlary resmi taýdan tassyklap bolmady.
Arkadagdaky metjidiň gurluşygy barda soňky günlerde döwlet metbugatynda çap bolan maglumatlarda 26-njy iýulda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadaga baryp, metjidiň gurluşygyna syn edendigi aýdyldy.
Hususan-da, ol metjidiň gurluşygynyň türkmen raýatlarynyň we daşary ýurtlularyň goşandy bilen gurulýandygyny aýtdy, emma goşandy "haýyr-sahawat serişdeleri" we "sogap işe goşant" diýip atlandyrdy.
Resmi habara görä, uly Berdimuhamedow metjidiň gurluşygyna goşant goşýan adamlara öz minnetdarlygyny bildirip, "olaryň ýollarynyň açyk boljakdygyny" aýdypdyr.
'Haýyr-sahabat' mejburlygy
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar meýletin diýip görkezilýän bu işiň mejburlykdygyna ünsi çekýärler we özlerinden pul tabşyrmagyň talap edilýändigini aýdýarlar.
"Ujypsyz aýlyk alýarys. Arkadagyň hümmeti we metjidiniň gurluşygy üçin pul bermäge mejbur bolýarys. Bizden pul talap edýänçä, öz ýegendir garyndaşlarynyň ogurlan millionlarça dollarlaryny getirip, öz isleglerini öz hasabyna kanagatlandyrsa bolmazmy. Aýlygymyzy ol aýdan ol aýa zordan ýetirýäris" diýip, balkanly harby aýtdy.
Balkanly dindar hem haýyr-sahabat üçin goşandyň adamlaryň öz islegi bilen we artykmaç puly bolan ýagdaýynda berilmelidigini belledi.
"Halkyň iýjek çöregi ýarym edilip, gurlan metjit Hudaýa hem makul däl" diýip, dindar aýdýar.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar ýurtdaky işsizligiň, aç çagalaryň, gedaýçylyk edýän çagaly eneleriň we garrylaryň, aýlygyny alyp bilmeýän we çörek aladasynda pes hilli azyk nobatynda durýan adamlaryň halkyň ýagdaýyndan habar berýändigini belleýärler.
Arkadagdaky metjidiň gurluşygyna ýurduň dürli künjekleriniň ýaşaýjylary pul tabşyrmaga mejbur edilýär. Şu aýda Ahal welaýatynyň býujetçilerinden pul toplandy.
Türkmenistanda metjitler yzly-yzyna gurulýar. Dürli welaýatlarda täze kaşaň metjitler gurulansoň, dessine täzeleriniň düýbi tutulýar. Muňa ilatdan pul toplanýar.
Döwlet edaralarynda işleýänler öz zähmet hakynyň belli bir bölegini dürli maksatlara, şol sanda metjit gurluşygyna tabşyrmaga mejbur edilýärler, garşy çykanara işini ýitirmek haýbaty atylýar.
Halkara derejesinde Türkmenistan öz raýatlarynyň dini azatlyklaryny berk çäklendirýän ýurt hökmünde tanalýar. Ýurtda dinçiler yzarlanýar. Şeýle-de, döwlet dini öz syýasy maksatlary üçin ulanýar, metjitlerde syýasy wagyzlar edilýär we Gurhan bilen bilelikde türkmen ýolbaşçylarynyň awtorlygynda çap edilen kitaplar okalýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum