Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda tok kesilýär, adamlar jokrama yssyda kösenýär


Ilatly ýerleri elektrik togy bilen kadaly üpjün edilmeýän Mary welaýatynda ýurduň eksport edýän elektrik toguny öndürýän iri desgalary ýerleşýär.
Ilatly ýerleri elektrik togy bilen kadaly üpjün edilmeýän Mary welaýatynda ýurduň eksport edýän elektrik toguny öndürýän iri desgalary ýerleşýär.

Mary welaýatynda elektrik energiýasy günde birnäçe gezek öçürilýär we ençeme sagatlap bolmaýar. Ilatly ýerleriň köpüsinde dowam edýän bu ýagdaýda ýaşaýjylar uzak wagtlap toksuz oturýarlar.

Mary şäherinde tok üpjünçiligi welaýatyň beýleki ýerlerine garanda ganymat hasaplanýar, şäherde elektrik energiýasy günde diňe bir gezek öçürilýär we 2-3 sagatlap bolmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň maryly çeşmeleri 30-njy iýulda habar berdiler.

"Şäherde öň beýle bolmazdy, häzir günde 2-3 sagatlap tok kesilýär. Adamlar yssy howada toksuz uly kynçylyk çekýär. Sowadyjylar işlemese öýmiziň içi çalt gyzýar we hassalarymyz, çagalarymyz aşa yssylap, bedenleri tenip, lukmanlara ýüz tutmaly bolýar, dermana mätäç bolýar" diýip, şäher ýaşaýjysy aýdýar.

Şu günler sebitde howa 40 gradusa çenli gyzýar.

Marydaky çeşmeleriň sözlerine görä, elektrik togunyň üpjünçiligindäki uly bökdençlikler maý aýynda başlanypdyr. Olaryň aýtmagyna görä, welaýat merkezine garanda etraplardaky ýagdaý has agyr, günüň dowamynda 2-3 gezek öçürilýän elektrik energiýasy 4-5 sagatlap bolmaýar.

"Köp etraplarda adatça toguň güýjüniň ýetmezçiligi sebäpli adamlar hojalygyna çykdaýjy edip, toguň güýjüni köpeldýän enjamlary oturtdy, emma häzir tok asla ýok. Her gün toguň kesilmegi adamlary gaty köseýär" diýip, etrap ýaşaýjysy aýtdy.

Ýaşaýjylar elektrik energiýasynyň bolmazlygynyň, adamlara ähli tarapdan täsir edýändigini, hem öýlerinde, hem-de jemgyýetçilik ýerlerinde oňaýsyzlyk döredýändigini gürrüň berýärler.

"Dükana baryp, söwda etjek bolsaň tok ýok. Kassadaky işgär 'harydyň koduny okap, baha çykarýan enjam işlänok' diýip, alyjy-müşderileri sagatlap garaşdyrmaly bolýar" diýip, ýaşaýjy aýdýar.

Işewürler we müşderiler zyýan çekýär

Maryly söwda işgärleri bolsa, tok ýetmezçiliginiň hem dükanlaryň girdejisini azaldýandygyny, hem-de harytlaryň zaýalanmagyna getirýändigini aýdýar.

"Biz, häzirlikçe tok ýok, tok gelenden soň söwda edäýiň diýip, aýtmaly bolýarys" diýip, dükan eýesi aýdýar.

Elektrik energiýasynyň yzly-yzyna we duýdansyz öçürilmeginden kafe-restoranlar hem zyýan çekýär.

"Somsa, fitçi ýaly günortanlyk üçin hödürleýän naharlarymyzy tok peçlerde bişirýäris, ýaňy taýýarlap peçe salýarys welin, tok öçýär. Hatda çaý demlemäge gaýnak suwumyz bolman, uly zyýan çekýäris. Ýogsa her aýda elektrik togy üçin ummasyz pul töleýäris" diýip, kafe eýesi gürrüň berdi.

Şu günler toguň kesilmegi toý dabaralaryna hem kölege salýar. Uly çykdajy edip, toý geçirýän maşgalalaryň baýramçylygy garaňkyda geçýär, toý mekanlarynyň işgärleriniň aladasy köpelýär we girdejisine zyýan ýetýär.

"Restoranda, toý zalynda tok öçürilse bizem kyn güne galýarys we biz bilen bilelikde toý, sadaka edýän 200-400 adam kösenýär. Gündizlerine sadaka berilse 200 adam gelýär, tok kesilse sowadyjy işlemeýär adamlar der bolup, çöreklerini doly iýmän daşary çykýarlar we iýmekçi bolan naharymyz awy boldy diýärler. Giýjelerine hem toý tutýan adamlar 400 orunluk saçak bezeýär. Tok öçüp, sowadyjy işlemänsoň toý mekanynyň içi çalt gyzýar, çyralar ýanmaýar. Myhmanlar zordan dem alyp, öňündäki naharlarynam el telefonlarynyň çyrasyny ýakyp iýip-içmeli bolýar" diýip, toý mekanynyň işgäri gürrüň berdi.

Bu ýagdaý durmuş gurýan ýaşlardan başlap, olaryň maşgala agzalaryna we toý üçin hakyna tutulan bagşylar, tansçylar, kameraçylar üçin hem uly oňaýsyzlyk döredýär we edilen uly çykdajylary puja çykarýar.

Tok öndürýän sebitiň ilaty nägile bolýar

Türkmenistan elektrik energiýasyny uly mukdarda öndürip, sebit goňşularyna satýan ýurt. Mary welaýatynda ýurduň elektrik energiýasyny öndürýän iri desgalary ýerleşýär.

Ilatly ýerleriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ýaramazlaşmagy ýerli ýaşaýjylarda nägileligi güýçlendirýär.

"Murgap etrabynyň ýaşaýjylary jemlenişip Marynyň Gres - tok öndürýän edarasyna baryp, başlygy bilen gürleşmek islediler, emma adamlary goragçy saklady we binanyň içine başlygyň ýanyna goýbermedi. Edaranyň birnäçe işgäri baran adamlara ýagdaýy düşündirmekçi boldular. Olar: 'Düşüniň togy keýpine öçüremizok. Transformatorlar gyzyp, hatardan çykýar. Bizde häzir Gresdaky elektrostansiýasynda suw aýlanşyk arkaly sowadyş işleri geçýär, suw gaty gyzýar biz şoňa çözgüt tapamyzok, şol sebäpden tok kesmeli bolýarys' diýip, düşündirjek boldular" diýip, çeşme bolan ýagdaýy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy sebitiň möhüm energiýa desgasy bolan Mary elektrostansiýasynyň wekillerinden resmi teswir alyp bilmedi.

Marydaky desgadan başga Türkmenistanda Türkmenbaşy, Abadan, Balkanabat, Seýdi, Aşgabat, Daşoguz, Awaza, Ahal we beýleki elektrik stansiýalary bar. Ilatly ýerleriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligindäki bökdençliklerTürkmenistanyň ähli sebitlerinde we paýtagtynda ýyllarboýy yzly-yzyna ýüze çykýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG