Döwlet eýeçiligindäki geýim-eşik guramasy, watançylygy ýokarlandyrmak we barlag netijelerine laýyklykda, ýaşlary özlerine mahsus rollara gönükdirmek maksady bilen, liderleri we “anti-liderleri” kesgitlemek üçin 10,000 çagada we ýetginjekde “newroprofiling”, täze profil synaglaryny geçirýär.
Munuň “1984” ýa-da belli bir derejede distopia geljegi ýaly eşidilýän bolmagy hem mümkin, emma bu beýle däl.
Bu 2025-nji ýylyň Russiýasynda - öz ýurduny Ukraina garşy weýrançylykly urşa we Günbatar bilen barha güýçlenýän gapma-garşylyga çeken prezident Wladimir Putiniň watançylygy ösdürmäge we başgaça pikirleri ýok etmäge synanyşýan döwründe bolup geçýän zatlar.
Ýaşlar üçin döwlet gullugynyň bir bölegi bolan gurama, “Rospatriottsentr” (Russiýanyň Watançylyk merkezi) tarapyndan işe girizilen, federal býujetden maliýeleşdirilen profilleşdirme taslamasynyň maksady, “Sistemanyň”, Azatlyk Radiosynyň rus derňew bölüminiň gözden geçiren resmi dokumentlerinden görnüşine görä, “sazlaşykly ösen adamlary terbiýeläp ýetişdirmekden” ybarat.
Garaşsyz magaryfçylar bu programmany tankyt etdiler, olaryň biri "Sistema" bu ýerde "manipulýasiýa" maksady bilen "galp ylmymyň" ulanylýandygyny, şeýle-de kommunizm we faşizm äheňleriniň bardygyny aýtdy.
"Bu, häkimiýetleriň adamlara gözegçilik etmek we olaryň kabul edýän kararlaryna täsir etmek üçin edýän ýene bir synanyşygy bolup durýar" diýip, magaryfçy Dima Ziker aýtdy.
Synagdan geçirilýän çagalar 12-18 ýaş aralygynda bolup, olar Russiýanyň birnäçe sebitinden getirilipdir. Maksatnama awgust aýyna çenli dowam eder we, “Sistema” tarapyndan gözden geçirilen resminamalara laýyklykda, sentýabr aýynda Ukrainanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krym ýarym adasynda, Sewastopolda geçiriljek bäş günlük seminara gatnaşmak üçin saýlanjak 50 adamyň, "aç-açan oňyn häsiýetli" şahslaryň seçilmegi bilen jemlener.
Emma muňa garamazdan, şeýle profil, döwlet satyn alyş web sahypasyndaky seminaryň beýanatyna görä, watançylyk ýa-da wepalylyk hökmünde terjime edilip bilinmez. Guramaçylar "liderleri we / ýa-da anti-liderleri (weýrançylykly hereketlere ýykgyn edýänler)" kesgitlemäge synanyşarlar we, gatnaşyjylaryň "watançylyk ideýalaryny kemsidýändigi" ýüze çykarylsa, olar derrew çäreden çykarylar.
Rospatriottsentriň Telegram kanalynda aýdylmagyna görä, bu maksatnamanyň maksady “bilime bolan çemeleşmeleri üýtgetmek, karýera ugrukdyrmak we ýaşlaryň watançylyk terbiýesi, ýagny watançy adamlar bolup ýetişmegi bilen bagly.
Taslama gatnaşanlaryň ahyr netijede nirä gidip biljekdigi belli däl.
Emma muňa garamazdan, Sibir sebitiniň resmileri şu hepde 65 million dollarlyk ýaşlar merkezini – “Ýaşlar köşgi” diýlip atlandyryljak meýilnamany mälim etdiler. Bu ýerde maksat rus çagalarynyň we ýetginjekleriniň arasynda watançylyk bilimini we döwlet tarapyndan tassyklanan gymmatlyklary ösdürmekden ybarat bolar.
Russiýanyň “Persona” kompaniýasynyň başlygy, “Newroprofiling” synaglaryny satýan we bu taslamanyň hyzmatdaşy bolan Wladimir Kozlow “Sistemanyň” Telegram arkaly iberen soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdi. Rospatriottsentr hem düşündiriş baradaky haýyşa jogap bermedi.
Bu çärä gatnaşan guramalar hem barlaglarda ulanylýan synag usullary barada ýeterlik maglumat bermediler.
Watançylyk barada gelnen netijeler
Gatnaşyjylar baradaky netijeler "wizual nyşanlaryň dürli aň asty kognitiw akyl düşünjelerine" esaslanýar diýip, Persona tanyşdyryş dabarasynda aýtdy.
"Biz watançylygyň adamyň ýurduň geljegindäki roluna düşünmeginden başlanýandygyna ynanýarys" diýip, Kozlow Rospatriottsentriň Telegram kanalynda ýerleşdirilen belliklerinde aýtdy. "Biziň kompaniýamyzyň neýroprofil tehnologiýalary ýetginjeklere bu roly takyk, aň-düşünjeli we höwes bilen tapmaga kömek edýär."
Moskwada ýaşaýan çaga psihology, howpsuzlyk aladalary sebäpli, “Sistema” bilen anonimlik şertinde gürleşip, “ygtybarlydygy subut edilen ýüzlerçe täze profil usulynyň” bardygyny, şol sanda anketalaryň we “nusgawy Rorşah synaglarynyň” hem ýeterlikdigini aýtdy.
"Bu synaglar size adam hakda köp zat, ýagny olaryň nähili liderlik häsiýetleriniň bardygyny ýa ýokdugyny, näderejede tabyn bolýandyklaryny ýa boýun egmeýändiklerini, çyn ýürekden gürleýändiklerini ýa-da ýalan sözleýändigini, beýlekileriň eşitmek isleýän zatlaryny gaýtalap-gaýtalamaýanýandyklaryny aýdyp biler” diýip, çaga psihology aýtdy.
"Bu ýerde mesele olaryň nähili ulanylýanlygynda we haýsy maksatlar üçin ulanylýanlygynda” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Putiniň 1999-njy ýyldan bäri prezident ýa-da premýer-ministr bolup işlän döwründe Kreml tankydy pikirlenmäni ösdürmäge gyzyklanma bildirmeýändigini açyk mälim etdi. Putin 2012-nji ýylda prezidentlige gaýdyp geleli bäri başgaça pikirleri basyp ýatyrmak, garaşsyz sesleri sem etmek üçin edýän tagallalaryny güýçlendirdi. Bu hili basyp ýatyrmalar 2022-nji ýylda, Russiýa Ukraina garşy giň gerimli urşa başlanandan soň has-da batlandy.
Hökümet Putiniň ilkinji möhletinden bäri çagalarda watançylyk duýgularyny ösdürmek tagallaryny edýär.
Tankytçylar hökümetiň ýaşlaryň Kremliň geosyýasy ritorikasyny kabul etmegi we Ukraina garşy alyp barýan urşuny goldamaklary üçin taryh boýunça okuw kitaplaryndan başlap, harby okuwlara çenli, bar bolan gurallaryň ählisini ulanmaga çalyşýandygyny aýdýarlar.
Forum