27-nji iýul gijesi Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyran howa zarbalary netijesinde paýtagt Kiýewde azyndan 5 adam ýaralandy. Şäher häkimi Witaliý Kliçko, paýtagtda we onuň töwereklerinde partlamalaryň sesi ýaňlanan pursady, howpsuzlyk jähtinden adamlary gaçybatalgalarda galmaga çagyrdy.
Kiýewiň harby administrasiýasynyň başlygy Timur Tkaçenko Telegramda paýlaşan maglumatynda hüjüm netijesinde ýaşaýyş jaýyna zeper ýetendigini mälim etdi.
Kiýewe edilen bu hüjüm Ukrainanyň beýleki sebitlerine garşy gönükdirilen has giň möçberli zarbalaryň bir bölegi boldy. 27-nji iýulda ýerli wagt bilen sagat 23:50 töweregi Ukrainanyň gündogar sebitlerinde, şol sanda Kiýewiň daş-töwereginde hem giň gerimli howa hüjümi duýduryşy yglan edildi diýip, Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş güýçleri mälim etdi.
Harbylaryň maglumatyna görä, 27-nji iýul agşamdan başlap Ukraina 324 sany dron, 4 sany ganatly raketa we 3 sany “Kinžal” görnüşli aeroballistiki raketa atylypdyr. Beýanata görä, 15 drony we 2 raketany ýok etmek başartmady. Şol bir wagtda “Kinžal” gipersonik raketalaryň maksatlaryna ýetmändigi aýdylýar.
Munuň bilen bagly goňşy Polşanyň harby güýçleri öz howa giňişliginiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin goşmaça harby uçarlaryny taýýarlyk ýagdaýyna geçirdiler diýip, Polşanyň Ýaragly güýçleriniň Operasion serkerdeligi habar berdi.
Soňky hepdelerde rus goşunlary Ukrainanyň howa goranyş ulgamlaryny gowşatmak maksady bilen, ýurda garşy köp sanly dron we raketa hüjümlerini amala aşyrýar.
27-nji iýulyň irki sagatlarynda, Russiýanyň Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Sumy oblastynyň Iwolžanske obasynda bir awtobusa uran zarbasy netijesinde parahat ilatyň arasyndan üç adam öldi, 19 adam ýaralandy diýip, sebitiň harby administrasiýasy mälim etdi. Ýaralananlaryň arasynda ýagdaýy agyr bir adam hem bar.
Sebitiň harby administrasiýasynyň başlygy Oleh Hrygorowyň aýtmagyna görä, bu waka 27-nji iýul ikindin sagat 16:30 töweregi bolupdyr. Hüjüme sezewar bolan awtobusda 39 ýolagçy bardy.
Bu hüjümde heläk bolanlaryň Ýunakowskadan ewakuasiýa edilen ýerli ýaşaýjylar bolandygy aýdylýar. Olar wagtal-wagtal serhet ýakasyndaky öýlerine we maldarçylyk hojalyklaryna aýlanýan ekenler. Olaryň münýän awtobusy ozal hem birnäçe gezek rus harbylarynyň hüjümine duçar bolupdyr.
Forum