Nawid Ahmediň durmuş ýagdaýlary pukara owgan ýetginjegine köp çäklendirme girizdi. Ol daşary ýurda syýahat edip bilmeýär, okuwyny dowam etdirip, uniwersitet derejesini almak arzuwyna ýetip bilmeýär, hatda dostlary bilen restoranda nahar iýip bilýär.
Ýöne 19 ýaşly ýigidiň şu wagta çenli elýeterliligini saklan we bir ýitirmedik zady - iň gowy görýän sporty we güýmenjesi, küşt bardy. Elbetde, bu diňe şu wagta çenli boldy.
"Talybanyň" öz raýatlaryna garşy girizen onlarça çäklendirmesiniň arasynda ýakynda, "dini nukdaý nazar” sebäpli, küşt oýnuny gadagan edýän çäre hem peýda boldy.
"Küşt oýnamagy halaýan bir adam hökmünde, men Owganystanda küşt oýnamagyň gadagan edilendigine gaty gynandym" diýip, ýurduň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda ýaşaýan ýigit telefonda gürleşende aýtdy.
"Men hemişe küşt ýaryşlaryna gatnaşmagy arzuw edýärdim we iň bolmanda küşt oýnamak üçin dürli welaýatlara syýahat ederin diýen umydym bardy” diýip, 10 ýaşyndan bäri küşt oýnaýan Ahmet aýtdy.
"Talybanyň" sport müdirligi, sportuň bu görnüşiniň yslamda gadagan edilen humarly oýunlary höweslendirýändigi baradaky aladalar esasynda, goşmaça habar berilýänçä, küşt oýnuny togtadýandygyny aýtdy.
Döwlet gullugynyň metbugat sekretary Atal Maşwani maý aýynyň ortalarynda žurnalistlere "bu pikir-garaýyşlar seljerilýänçä, küşt sporty Owganystanda togtadylýar" diýip, onuň ýurduň hemme ýerinde gadagan bolmagynda galjakdygyny aýtdy.
Ondan bäri üç aýa golaý wagt geçen hem bolsa, “Talyban” häkimiýetleri gutarnykly karara gelendiklerini mälim etmediler.
Azatlyk Radiosy Maşwani bilen habarlaşyp, düşündiriş almaga çalyşdy, ýöne ol soraglara jogap bermedi.
"Talyban" küşt gadagançylygyny ozal, 2001-nji ýylda tamamlanan öňki häkimiýeti döwründe hem girizipdi.
Küşt oýnunyň togtadylmagy “Talybanyň” 2021-nji ýylyň awgust aýynda häkimiýet başyna geleli bäri sporta, sungata we beýleki çärelere girizen gadaganlyklarynyň we çäklendirmeleriniň uzyn sanawynyň üstüni ýetirýär.
2024-nji ýylda häkimiýetler, “gaty zorlukly we ölüm howpuny döredýär” diýip, garyşyk söweş sungatlaryny, MMA-ny gadagan etdi. MMA “Talyban” yzyna gaýdyp gelmezinden öň ýaş owganlaryň arasynda örän meşhur sportdy.
Aşa-konserwatiw ýolbaşçylar beden gurluşykçylaryna butlaryny ýalaňaçlap görkezmegi gadagan etdiler we dyzlarynyň aşak ýanyna çenli ýetýän giň, uzyn balaklary geýmegi buýurdylar.
Şol bir wagtda, aýal-gyzlara sport zallarynda işlemek bilen bir hatarda, sportuň ähli görnüşi gadagan edildi. “Talyban” hatda diňe aýallar üçin niýetlenen türgenleşik klublaryny hem ýapdy.
Şeýle-de, “Talyban” telewideniýede we radioda, toýlarda we köpçülik ýygnanyşyklarynda aýdym-sazy gadagan etdi.
Küşt beýleki yslam ýurtlarynda gadagan edilmeýär
Futbol ýa-da kriket oýunlarynda bolşy ýaly, owganlaryň arasynda beýle kän küşt janköýeriniň bolmazlygy mümkin. Ýöne bu oýun hem sport, hem güýmenje hökmünde ýurtda giňden oýnalýardy.
Owganystanyň Küşt federasiýasy hem togtadyldy. Bu federasiýa Kabulda Günbatar tarapyndan goldanýan hökümetiň iş başynda bolan döwründe, iki onýyllygynyň dowamynda erkekler we aýallar üçin ýerli we milli küşt ýaryşlaryny ýygy-ýygydan guraýardy. Ýaryşlaryň daşyndan, köp adam restoranlarda, seýilgählerde we hususy ýygnanyşyklarda küşt oýnuny güýmenje hökmünde oýnaýardy.
Küşt federasiýasynyň öňki başlygy Ysmaýyl Jamşidi "Talybanyň" köp owganlynyň "zyýansyz iş” diýip atlandyrýan güýmenjesini togtatmagyny ýazgardy.
"Küşt sport, sungat we ylym bolup durýar. Adamlaryň bu oýny oýnamagyna päsgel berýän her bir adam sporta, sungata we ylma garşy wagşyçylyk edýär" diýip, Jamşidi Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Musulmanlaryň aglaba köplük bolup ýaşaýan beýleki ýurtlarynyň hiç birinde, şol sanda Saud Arabystanynda we dünýäniň iň köp ilatly musulman döwleti bolan Indoneziýada küşt gadagan däl.
Eýran, humarly oýunlary höweslendirýändigi we yslam gymmatlyklaryna garşy gelýändigi sebäpli, 1979-njy ýylda bolan Yslam rewolýusiýasyndan soň küşt oýnuny wagtlaýynça gadagan etdi. Ýöne bu gadaganlyk, küşt humar oýunlarynda ulanylmaly däl diýen şert bilen, 1988-nji ýylda ýatyryldy.
Ahmet häzirlikçe bu oýunda ilkinji göçümini etmänkä utulmaly bolandygyny aýdýar. Şol bir wagtda ol, bolmanda ony şindem jübi telefonynyň goşmaçasynda oýnap biljekdigini belledi.
Forum