Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi ýurduň dokma pudagynyň Puma, Walmart, Lidl ýaly iri halkara brendlerine taýýar pagta dokma önümlerini iberýändigini öňe sürýär. 24-nji iýulda çap bolan makala turkmen.news neşiri ünsi çekýär.
Neşir ýurduň pagta önümçiliginde mejbury zähmetiň giňden ulanýandygyny, eger-de bu ýazylanlar hakykat bolsa, onda munuň halkara brendleriniň öz üstüne alan borçnamalaryna garşy gelýändigini belleýär.
TDH-niň maglumatyna görä, Türkmenistandan daşary ýurtlara iberilýän "taýýar önümleriň, şol sanda öý üçin niýetlenen dokma önümleriniň, sport we jins egin-eşikleriniň aglaba bölegini ‘Puma’, ‘Wal-Mart’, ‘Lidl’, ‘Bershka’, ‘Pool&Bear’, ‘Cosco’ ýaly meşhur haryt nyşanlary bilen öndürilýän harytlar düzýär".
Türkmen pagtasynyň öndürilmeginde mejbury zähmet giňden peýdalanylýar. Turkmen.news neşiriniň bellemegine görä, belli brendler bu önümleri satyn alýan bolsalar-da, olar muny ýaşyrmaga synanyşýarlar ýa-da köp basgançakly üpjünçilik zynjyry sebäpli mundan özleri-de habarsyz galýarlar. Şeýle faktlar köplenç žurnalistiki derňewleriň dowamynda ýüze çykýar.
Turkmen.news belli brendleriň, TDH-niň öňe sürüşi ýaly, Türkmenistandan jins we beýleki pagta önümlerini satyn alýan bolsa, onda munuň olaryň Kaliforniýanyň Aýdyňlyk Kanuny, şeýle-de Germaniýanyň Üpjünçilik Zynjyrlaryna Gözegçilik Kanuny ýaly kadalary bozýandygyny açyk görkezýändigini belleýär. Bu kanunlar mejbury zähmet bilen öndürilen önümleriň ulanylmagyny gadagan edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum