Fransiýanyň ýolbaşçylygyndaky Günbatar ýurtlarynyň 15-si bilelikdäki beýanat bilen çykyş edip, Palestinanyň garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilmegine çagyrdylar.
Beýanata Nýu-Ýorkda geçirilen palestin-ysraýyl konflikti boýunça konferensiýanyň jemleri boýunça daşary işler ministrleri tarapyndan gol çekildi. Beýanatyň doly nusgasyny Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Noel Barro çap etdi.
Geçen hepde Fransiýa Günbataryň esasy ýurtlarynyň hataryndan ilkinji bolup, sentýabrda Palestin döwletini resmi taýdan ykrar etjekdigini mälim etdi. Bu karar Ysraýyl we ABŞ tarapyndan tankytlansa-da, birnäçe ýurt muny goldady. Britaniýa hem sentýabrda Palestin döwletini ykrar etmeginiň mümkindigini aýtdy.
Beýanata Finlýandiýanyň, Irlandiýanyň, Ispaniýanyň, Portugaliýanyň, Lýuksemburgyň, Sloweniýanyň, Maltanyň, Andorranyň, San-Marinonyň, Norwegiýanyň, Islandiýanyň, Awstraliýanyň, Kanadanyň we Täze Zelandiýanyň daşary işler ministrleri tarapyndan gol çekildi.
Onda ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terrorçy gurama hökmünde ykrar edilen Hamas radikal toparynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ysraýyla garşy amala aşyran hüjümi ýazgarylýar we ýesir alnan adamlaryň boşadylmagyna çagyrylýar. Şol bir wagtda, dokumentde Gazadaky agyr ynsanperwer ýagdaýa üns çekilýär we Ysraýylyň Hamasa garşy alyp barýan operasiýasynyň dowam edýän mahaly, ok atyşyklyklary bes etmäge çagyryş edilýär.