ABŞ-nyň Döwlet departamenti Moskwanyň prezident Donald Trampyň Ukrainada parahatçylygy ornaşdyrmak boýunça öňe süren şertlerini sowuk-sala kabul etmeli däldigini duýdurdy. Döwlet departamentiniň metbugat wekili Temmi Brýus 29-njy iýulda eden çykyşynda, Moskwanyň amerikan prezidentiniň nä derejede çynlakaýlygyny nädogry kabul edendigini aýtdy.
“Prezident Tramp özüne örän çynlakaý garamalydygyny birnäçe gezek äşgär etdi, sebäbi ol çynlakaý adam. Ol sabyrly boldy, emma käbir adamlar muny nädogry kabul etdiler. Men indi ýagdaýa nädogry baha bermegiň döwrüniň geçendigine ynanýaryn” diýip, Temmi Brýus Kyiv Post neşirine beren kommentariýasynda nygtady.
Brýusyň sözlerine görä, Döwlet departamenti Russiýa garşy ykdysady basyşy güýçlendirmek üçin täze sanksiýalary, şol sanda Russiýa bilen hyzmatdaş ýurtlara garşy ikinji derejeli gadagançylyklary girizmegi göz öňünde tutýar.
29-njy iýulda agşam ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp žurnalistler bilen söhbetdeşliginde, Moskwa bilen Kiýewiň arasynda ylalaşyga gelmek üçin Russiýa on günlük möhlet berendigini mälim etdi. ABŞ bu şertnama boýunça atyşygy bes etmegi talap edýär. Kiýew goşmaça şert goýmazdan ylalaşyga taýýardygyny mälim etdi. Moskwa bolsa bu teklibi häzire çenli kabul etmeýär.
Moskwa Trampyň soňky on günlük ultimatumy boýunça resmi beýanat bermedi. Ýöne biraz öň prezident Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow ABŞ-nyň ultimatumyň möhletini gysgaltmak baradaky kararyny “täze maglumat hökmünde bellige alandyklaryny” aýdypdy.