Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýland we Kamboja ok atyşyklary bes etmek barada ylalaşdy


Ok atyşyklary bes etmek 29-njy iýulda Malaýziýanyň administratiw merkezi Putrajada geçirilen gepleşikleriň dowamynda ylalaşyldy.
Ok atyşyklary bes etmek 29-njy iýulda Malaýziýanyň administratiw merkezi Putrajada geçirilen gepleşikleriň dowamynda ylalaşyldy.

Taýland bilen Kambojanyň ýolbaşçylary, 28-nji iýulda Malaýziýanyň administratiw merkezi Putrajada geçirilen gepleşikleriň dowamynda, ok atyşyklary bes etmek barada ylalaşdylar. Munuň bilen 24-nji iýulda serhetýaka sebitlerde başlanan ganly çaknyşyklar bes edilmeli. Uzak wagt bäri dowam edip gelen territorial dawa dartgynlaşyp, iki ýurduň arasyndaky soňky döwürdäki iň heläkçilikli çaknyşyklara ýazdy; onlarça adam wepat boldy.

Ylalaşyga gelnendigini gepleşiklere araçylyk eden Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim, şeýle-de Kambojanyň premýer-ministri Hun Manet we Taýlandyň hökümetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Phumtam Weçaýçaý tassykladylar.

Geçen hepde Günorta-Gündogar Aziýanyň iki döwletiniň arasynda serhet dawasy sebäpli ýaragly çaknyşyk başlady. Iki ýurduň goşunlary sowutly tehnika, raketa ulgamlary we awiasiýa ulanyp çaknyşdylar. Onlarça adamyň ýogalandygy habar berilýär.

Gepleşigiň guramaçylygyna ABŞ hem gatnaşdy. Prezident Donald Tramp dynç günlerinde iki ýurduň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki ýurt hem konfliktiň ýitileşmeginde biri-birini günäkärledi.

XS
SM
MD
LG