29-njy iýula geçilen gije Russiýanyň güýçleriniň Ukrainanyň Zaporižýe oblastyna uran zarbalarynda 16 adam heläk boldy, 35-si ýaralandy. Bu barada sebitiň harby administrasiýasynyň başlygy Iwan Fýodorow Telegram kanalynda mälim etdi. Onuň maglumatyna görä, hüjümiň nyşanalarynyň arasynda düzediş koloniýasy hem bolupdyr.
Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň maglumatynda 28-nji iýul gije Russiýanyň Ukraina garşy iki sany “Iskander-M” ballistik raketany we 37 sany drony atandygy aýdylýar. Pilotsyz uçuş serişdeleriniň aglaba bölegi ýok edildi. Maglumatda bäş dronyň we iki raketanyň üç ýerde nyşana degendigi bellenýär.