Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda onlaýn maslahatyň dowamynda kätibini dyzynda oturdan resmi wezipesinden boşadyldy


Wideonyň skrinşoty
Wideonyň skrinşoty

Özbegistanyň Samarkand şäherinde ýerli häkimiýetleriň onlaýn ýygnagynyň ýazgysynyň jemgyýetçilige ýaýramagy uly galmagal döretdi.

Wideoda Özbegistanyň Zähmet bilen üpjünçilik we garyplygy azaltmak ministrliginiň etrap bölüminiň ýolbaşçysy, wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän ýygnagyň dowamynda, kameranyň işleýändigini ýatdan çykaryp, kätibini dyzynda oturdyp, ony gujaklap başlady. Bu ýazgy sosial ulgamlarda giňden ýaýrady.

Ýurduň Zähmet bilen üpjünçilik we garyplygy azaltmak ministrliginiň metbugat gullugy bu hadysa boýunça derňew geçirilendigini, wideoda görkezilen işgärleriň ikisiniň hem işden boşadylandygyny, olaryň zähmet şertnamalarynyň ýatyrylandygyny mälim etdi.

Resminiň şahsyýeti hem anyklandy: ol 2023-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Kattakurgan etrabynyň zähmet we garyplygy azaltmak bölüminiň ýolbaşçysy bolup işlän A.A. diýlip tanyşdyryldy.

XS
SM
MD
LG