Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa Ukrainada ok atyşyklary bes etmek baradaky şertnama baglaşmagy üçin rus prezidenti Wladimir Putine beren möhletini gysgaldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. 28-nji iýulda Tramp “prezident Putinden lapykeç bolandygyny” aýdyp, Russiýadan we ondan energiýa serişdelerini satyn alýan ýurtlardan import edilýän harytlara 100 göterim salgyt girizilmegi üçin bellenilen möhleti “iň köp 15 güne çenli” gysgaldýandygyny mälim etdi.
14-nji iýulda Tramp Putine Ukraina bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşmak üçin 50 gün wagt beripdi. Indi onuň pikirine görä, “mundan artyk garaşmagyň manysy ýok”.
“Prezident Trampa onuň adam janlaryny halas etmek we bu aýylganç urşa soň bermek... üçin edýän ymtylmalaryna minnetdarlyk bildirýärin. Dogurdan hem, eger-de aýgytly we berk hereket edilse, parahatçylyk mümkindir. Biz gaýtalap aýtdyk, hyzmatdaşlarymyzyň hem ählisi muny bilýär, sanksiýalar bu kesgitleýji elementdir” diýip, Zelenski sosial ulgamda ýazdy.
Tramp şeýle-de Russiýanyň entek hem “ylalaşyga” gelip biljekdigine ynanýandygyny, ýöne şeýle bolmasa, täze sanksiýalary girizmäge taýýardygyny aýtdy.
Russiýanyň maliýe bazary ABŞ-nyň prezidentiniň bu beýanatyndan soň dessine ýiti pese gaçdy.
Putin soňky iki hepdäniň dowamynda özüniň adyna aýdylan tankytlara we ABŞ-nyň prezidentiniň öňe süren şertlerine hiç hili kommentariýa bermedi.