Türkmenistanda içeki uçar gatnawynyň tertibi üýtgedildi, şol sanda ýurduň içinde amala aşyrylýan reýsleriň sany artdyryldy. Bu ýagdaý bilet gytçylygyndan kösenýän raýatlary umytlandyrdy, häzirlikçe uly üýtgeşiklik getirmändir.
"Türkmenhowaýollary 25-nji iýuldan içerki gatnaw tertibine üýtgetmeleri girizdi. Köp ugurlar boýunça gatnawlar köpeldildi, ýöne bu ilatyň durmuşynda hiç bir ýeňillik döretmedi, gaýtam öňküsinden beter bilet karrupsiasy möwjedi" diýip, habarçymyz soňky ýagdaýlary suratlandyrdy.
"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň içerki uçuşlaryň sanyny köpeldip, ýurduň sebitleriniň arasynda hem ulag elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin täze sebitara ugurlary hödürländigini geçen hepde döwlet metbugaty habar berdi.
Degişli maglumat Bilet gytçylygynda araçylar uçar biletlerini sosial ulgamlary arkaly hödürläp başladyIň köp gatnalýan Aşgabat - Daşoguz ugry boýunça günde ýedi reýsiň amala aşyryljagy, ikinji iň köp gatnaw ýoly bolan Aşgabat - Türkmenabat arasynda günde alty reýsiň boljagy habar berildi. Aşgabat - Mary arasynda dört reýsiň we Aşgabat - Balkanabat marşruty boýunça dört reýsiň boljagy aýdyldy.
Ýiti bilet gytçylygynyň arasynda habar berlen bu täzelik bilet satyn almak mümkinçiliginiň gözlegindäki ýolagçylarda uly umyt döretdi. Emma kassalardaky ýagdaý adamlaryň umydyny puja çykardy.
"Halk döwlet metbugatynda berlen maglumatlara ynanyp, howa menziline geldi. Olar Lebap we Daşoguz welaýatlaryna bilet soradylar. Emma biletleriň ýokdugyny eşidip, howa menziliniň resmilerine we kassalardaky hünärmenlere 'sizler düzelmeýäňiz' diýip, olara 'parahor' diýmekden hem saklanmadylar" diýip, aşgabatly çeşme gürrüň berdi.
Şeýle-de, media maglumatlarynda Daşoguz, Türkmenabat, Mary we Balkanabat arasynda sebitara ugurlaryň ösdürilip, ýolagçylara paýtagtyň üsti bilen geçmän, göni öz sebit merkezleriniň arasynda syýahat etmäge mümkinçilik döredilendigi habar berildi.
Azatlygyň habarçylary sebitleriň arasyndaky reýslere bilet satyn almaga synanyşdylar, emma sebitleriň arasynda syýahat etmek üçin uçar biletleriniň satuwda ýokdugyny anykladylar.
"Balkanabatdan Daşoguza bilet ýok. Adamlar indiden beýläk hem bilet tapylar öýtmeýärler we açyk nägilelik bildiriýärler" diýip, habarçymyz biletleriň aeroportuň kassalarynda, şäherdäki bilet kassalarynda ýokdugyny, olary onlaýn görnüşinde hem satyn alyp bolmaýandygyny belleýär.
Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý adamlarda nägileligi artdyrýar, has hem reýsleriň köpelendigini eşidip, bilet satyn almak tamasy bilen kassalara barýan adamlaryň arasynda soňky günlerde gahar-gazap güýçlenýär.
"Adamlaryň şu günlerde nägilelik protestleri howa menzillerde adaty ýagdaýa öwrüldi, Ýekşenbe güni adamlar aeroportuň ne kassasyndan, ne-de onlaýn bilet satylýandygyna nägile bolup, güýçli protest bildirdiler" diýip, türkmenistanly çeşme gürrüň berdi we "adamlar öz gazaplaryny gorkman aýdýarlar" diýip belledi.
"Türkmenistan" howaýollarynyň yglan eden reýslerine biletleriň satuwda bolmazlygynyň sebäplerini kompaniýanyň özünden anyklap bolmady.
Emma, türkmen metbugatyndaky habarda awiakompaniýanyň uçuşlary we uçuş wagtyny üýtgedip biljekdigi duýdurylýar we ýolagçylara syýahatlaryny meýilleşdirmezden ozal iň soňky uçuş maglumatlaryny barlamak maslahat berilýär.
Degişli maglumat Lebapda uçar biletleriniň gytçylygy ýitileşdi, aeroportda uly nobatlar dörediTürkmenistanda bilet gytçylygy ýyllarboýy saklanýar we aýratynam tomus aýlarynda güýçlenýär. Bu hem içerki reýslere, hem-de ýurduň daşyna amala aşyrylýan reýslere degişli.
Transport ulgamyna jogapkär resmiler munuň sebäplerini düşündirmeýär, emma türkmenistanlylar munuň sebäbini parahorlukda görýärler we islendik bileti gysga wagtda para görnüşinde üstüne pul berip, satyn alyp bolýandygyny aýdýarlar.
Hususan-da, soňky aýlarda otly we uçar biletleriniň parasy biletiň bahasyndan birnäçe esse ýokary bolupdyr. Çeşmeler 160-250 manatlyk uçar biletini 1000 manada satyn alyp bolýandygyny aýdýarlar. "Bu nyrhdan bilet islän wagt tapdyrýar" diýip, çeşme belleýär.
Bilet gytçylygy sosial mediada hem diskussiýalary döretdi. Türkmenistanlylar uçar biletlerini şu günler satyn alyp bolmaýandygyny aýdyp, öz nägileliklerini paýlaşýarlar.
Degişli maglumat Transport kynçylyklary: Ýolagçylar otlularyň hajathanalarynda sapar etmeli bolýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.