“Talyban” çäklendirmeleri öz janyna kast edýän owganlaryň köpelmegine getirýär

Kabuldaky gözellik salonynyň afişasy aýrylýar. 2023-nji ýylyň 24-nji iýuly.

“Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň gyzlaryň başlangyç mekdepden aňyrda bilim almagyny gadagan etmegi bilen, Kabulda ýaşaýan ýaş gyz bolan Rahşana mekdebe okuwa gatnamagyny bes etdi. Soň ol iňlis dili sapaklaryny hödürleýän hususy merkeze okuwa ýazyldy. Emma “Talyban” iýun aýynda bu merkezi hem ýapyp, onuň okamak mümkinçiligini elinden aldy.

Şahsy durmuşynyň goragy üçin ady üýtgedilen Rahşana, 18 ýaşyndaky gyz, geljegi üçin düzen meýilnamalary we arzuwlary talanandan soň, öz janyna kast etmäge synanyşandygyny aýdýar.

"Tälim merkezi meniň bilim almakdaky iň soňky umydymdy. Onuň ýapylmagy maňa dünýäniň soňy bolup göründi” diýip, Rahşana Azatlyk radiosyna aýtdy. "Men öýümizden tapan 12-15 tabletkamy ýuwutdym. Men ölmek isledim, ýöne, gynansam-da, aman galdym."

Rahşananyň düşen ýagdaýy ýurtda seýrek duşýan zat däl.

Ýerli metbugatyň, ýerli žurnalistleriň we aktiwistleriň berýän habarlaryna görä, şeýle-de Azatlyk radiosy bilen gürleşen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, Owganystanda öz janyna kast etmäge synanyşýanlaryň we kast edýänleriň derejesi, “Talyban” 2021-nji ýylyň awgust aýynda häkimiýet başyna dolanyp geleli bäri, hususan-da ýaş nesilleriň arasynda barha ýokarlanýar.

Owganystanda öz janyna kast edýän adamlaryň sany barada resmi maglumat ýok, Kabuldaky häkimiýetler Azatlyk Radiosynyň bu mesele barada maglumat almak üçin iberen soraglaryna jogap bermediler.

Derňew makalalary bilen meşhurlyk gazanan owgan neşiri “Etilaat Roz” ýurtda 2022-nji ýylyň aprelinden 2023-nji ýylyň apreline çenli arlykda azyndan 213 adamyň öz janyna kast edendigini habar berdi.

“Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Içeri işler ministrligi şondan soňky ýyl bu tendensiýanyň ýokarlanandygyny tassyklap, 360 adamyň janyna kast edendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosy bu sanlary özbaşdak ýagdaýda barlap bilmedi.

Owganystanda janyndan geçen adamlaryň köpüsi barada habar berilmezliginiň sebäbi dini we medeni düşünjeler bilen baglanyşdyrylýar. Yslamda adamyň öz janyna kast etmegi gadagan hasaplanýar. Netijede, öz janyna kast eden adamlaryň maşgalalary köplenç ýakynlarynyň ölüminiň hakyky sebäbini gizleýär.

Erkekleriň öz janyna kast etmeginiň esasy sebäbi işsizlik bilen bagly

Azatlyk Radiosy öz janyna kast etmäge synanyşan we aman galan birnäçe adam, şeýle-de soňky aýlarda öz janyna kast eden adamlaryň birnäçesiniň maşgala agzalary bilen söhbetdeş boldy. Her adamyň düşen ýagdaýynyň özboluşly sebäpleri bolan bolsa-da, olaryň hemmesi esasy bir ýagdaýy, umytsyzlyk duýgusyny, mümkinçilikleriň düýpden bolmazlygyny esasy meseleler hökmünde agzap geçdi.

Adam hukuklary, howpsuzlyk we Owganystandaky syýasy ýagdaýlar barada maglumat ýygnaýan “Owgan şaýady” taslamasynyň çykarýan netijesine görä, ýaş erkekleriň öz janyna kast etmeginde işsizlik esasy sebäp bolup görünýär.

Aýallaryň arasynda öz janyna kast edýän zenanlar bilen bagly faktorlar has çylşyrymly bolup görünýär we, köp hadysa, “Owgan şaýady” taslamasyna görä, maşgala zorlugyndan, mejbury nikadan we “Talyban” tarapyndan girizilen okuw, bilim çäklendirmeleri ýaly ýagdaýlardan uç alýar.

Şeýle-de, gündelik durmuşda ýüzbe-ýüz bolýan beýleki kynçylyklarynyň arasynda, "Talyban" aýal-gyzlaryň il ortalaýyn, köpçüligiň öňüne çykyp gürlemegini, ýanynda erkek hossary bolmazdan syýahat etmegini, hökümete degişli bolmadyk guramalarda işlemegini gadagan etdi.

"Ene-atam meni kemsidilýän ýerime, yzyma iberdi"

Kabulyň Daşt-e Barçi sebitiniň 23 ýaşly ýaşaýjysy iýul aýynyň başynda, öz sözlerine görä, adamsynyň we gaýynlarynyň beren el we dil jebirleri sebäpli, öz ömrüni soňlamaga synanyşdy.

Şahsy aladalar sebäpli adynyň tutulmagyny islemedik aýal we ene öz “janyny goňşusynyň halas edendigini” aýtdy.

"Men durmuşa çykan wagtymyň başyndan bäri zorluk bilen ýüzbe-ýüz boldum. Men yzyma, ene-atamyň öýüne gaýdyp bardym, ýöne olar meni yzyma, adamymyň ýanyna iberdiler" diýip, janyna kast etmäge synanyşan aýal öz düşen umytsyzlygynyň sebäbini düşündirdi.

Owganystandaky aýallar özlerine gödek daraýan ärlerini terk edip, durmuşlaryny özbaşdak gurmaga synanyşyp bilmeýärler. Bu hili konserwatiw jemgyýetlerde aýrylyşmak oňlanmaýar we maşgalalar her edip, hesip edip, bu ada galmakdan gaça durmaga synanyşýar.

“Talybanyň” aýallara garşy basyşlara daýanýan düzgünleri astynda adamsyndan aýrylyşan aýalyň ýeke ýaşamagy, iş tapmagy we özüni üpjün etmegi tasdan mümkin däl.

Durmuşa täzeden başlamak mümkinçiligi bolmansoň, Daşt-e Barçide ýaşaýan aýal Azatlyk Radiosyna öz öýünde çekýän agyr süteminden gutulmagyň ýeke-täk ýoluny öz janyna kast etmekde görendigini ölümi saýlap alandygyny gürrüň berdi.

Günortadaky Kandahar şäheriniň ýerli metbugaty iýulyň birinji hepdesinde, ýedi gün içinde dört adamyň öz janyna kast edendigini habar berdi.

Bäşinji adam, özüni asyp öldürmäge synanyşan 45 ýaşly erkek goňşulary tarapyndan halas edildi.

Azatlyk Radiosy bu adam bilen habarlaşdy, ol adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşip, işsizlik we aşa garyplyk sebäpli maşgalasyny ekläp bilmeýändigini, öz janyna kast etmäge synanmagyna umytsyzlygyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Dört çaganyň atasy hökümet işgärlerinden, dürli kompaniýalardan we edaralardan, hususy iş berijilerden, hatda goňşulardan hem özüne "haýsam bolsa bir iş tapmaga" kömek bermeklerini sorandygyny, emma hiç kimiň kömek edip bilmeýändigini aýtdy.

"Men iş tapyp bilmedim. Çagalarymy naharlamak üçin hatda çörek satyn almaga-da pulum galmady" diýip, ol erkek aýtdy.

Hiç bir goldaw ýok

Janyna kast etmek synanyşyklaryndan aman galanlar üçin kömek, goldaw tapmak uly mesele bolmagynda galýar.

Aktiwistler adamlaryň öz janyna kast etmeginiň öňüni almak üçin has gowy gözegçilik programmalarynyň, şol sanda mätäç owganlara has elýeterli, jemgyýetçilik esasly akyl saglygy programmalarynyň, onlaýn maslahatlarynyň zerurdygyny aýdýarlar.

Öz janyna kast etmäge synanyşan üç adam Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, özleriniň hiç hili professional goldaw alyp bilmeýändiklerini, sebäbi aman galanlar ýa-da öz janyna kast etmek pikirleri bilen başa-baş galan adamlar üçin belli bir telefon belgisiniň, jaň eder ýaly ýeriň hem ýokdugyny aýtdy.

Kabulda bir ýaş gyz özüniň ýeke-täk bejergisiniň, özüni negatiw pikirlerinden daşlaşdyrmak üçin, surat çekmek bolandygyny, ene-atasynyň bolsa, ýene janyna kast edäýmesin diýip, özüne seresap gözegçilik edendigini gürrüň berdi.

Daşt-e Barçide öz janyna kast etjek bolan ene we onuň 4 ýaşly ogly häzir, hiç bir bejeriş edaralary bolmansoň, özüni halas eden goňşusynda galýar.

"Meniň janym halas edildi, ýöne ýagdaýym üýtgemedi. Men öz-özümden "Indi näme?” diýip soradym. Mende jogap ýok" diýip, ene aýtdy.