Russiýa Kiýewe, Harkiwe we Pawlograda zarba urdy

Pawlogradda howa hüjümine garşy ulgam işleýär (arhiw suraty)

Russiýa 30-njy iýula geçilen gije Ukrainanyň Kiýew, Harkiw we Pawlograd şäherlerine zarba urdy. Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň maglumatyna görä, rus güýçleri 78 drony, şol sanda reaktiw hereketlendirijili sekiz drony atypdyr.

Harkiwde üç adamyň ýaralanandygyny, ýerli häkimiýetlere salgylanyp, Azatlygyň Ukrain gullugy habar berdi. Dnipropetrowsk sebitinde ýerleşýän Pawlograd şäherine urlan zarbada demir ýol infrastrukturasyna zeper ýetdi, iki adam ýaralandy diýip, ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugy aýtdy.

Kiýewde bolsa zarba sebäpli köp gatly ýaşaýyş jaýyna zeper ýetdi.

Ukrain harbylarynyň maglumatynda dronlaryň ýedi dürli ýerde nyşana degendigi, şeýle-de atylan 51 dronuň ýok edilendigi aýdylýar.