Islendik iş resminama sanawyndan, 'papkadan' başlanyp, çäreler bilen dowam etdirilýär

Türkmen studentleri ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan wagtlarynyň esli böleginiň çärelere gatnaşmakda, 'biderek' geçýändigini aýdýarlar. (Arhiw suraty)

Türkmenistanda ol ýa-da beýleki işe girýän işgärler azyndan 15 sany resminama toplamaly we olaryň içinde ‘maglumaty jemläp salmak üçin, gyrasy deşilen görnüşdäki papka’ hem bolmaly. Azatlyga gelip gowşan sanaw ‘üç arka’ talabynyň hem saklanyp galýandygyny tassyklaýar. Habarçymyz öňden gelýän çäre mejburlygynyň indi has güýçlendiriljege meňzeýändigini habar berýär.

Azatlygyň habarçysy we çeşmeler soňky döwürde işe, okuwa girýän adamlaryň öňünde hökmany çäre gatnaşyjysy bolmak talabynyň hem berk goýulýandygyny habar berýärler. Ýöne bu talap barada resmi düşündiriş alyp bolmaýar.

Ýerli synçylar çäreleriň ilaty doly gözegçilikde, basyş astynda, şeýle-de gorkuda saklamagyň bir guralyna öwrülendigini aýdýarlar.

'Çärelere gatnaşmak talaby öňünden boýnuňa dakylýar'

“Çärelere hökman gatnaşmaly, çäreçiler toparynyň ýolbaşçysyna tabyn bolmak öňünden boýnuňa dakylýar, ýöne çäre gatnaşanyň üçin bir teňňe-de tölenmeýär” diýip, golaýda işe kabul edilen işgär Azatlyga aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistanda güýç edaralaryna studentleriň arasynda işgär gözlenýär


Ol häzir mätäçlikde, ýetde-gütde ýaşaýan maşgalanyň az däldigini, eger biraz pul tölense, bolmanda şol gün iýjek çöregine, içjek suwuna ýeter ýaly serişde berilse-de, çärelere höwes bilen gatnaşjak adamlaryň tapyljakdygyny belledi.

Söhbetdeşlerimiz işe girjeklerden talap edilýän resminamalaryň toplanmagynyň ýeterlik däldigini, adamlaryň ýörite kesgitlenen çäre eşikleriniň hem bolmalydygyny aýtdylar.

“Edilýän talaplaryň içinde näresmi gara kostýum, jalbar, ak köýnek, gara galstuk edinmek hem bar" diýip, söhbetdeşimiz işgärleriň öz wezipe-borçlaryndan daşary döwlet çärelerine gatnaşmaga razy bolmalydygy barada aýdylýanlary eşik talaplarynyň hem tassyklaýandygyny sözüne goşdy.

Onuň sözlerine görä, çärelere gatnaşyk meselesine edaranyň kadrlar bölüminiň ýörite bellenen işgäri gözegçilik edýär. Ol bir gün öňünden “FORMA 1” diýilýän egin-eşikde, daňdan sagat dörtde ýa bäşde edara binasynyň öňünde ýa-da çäre geçiriljek ýerde toplanmaly işgärleriň sanawyny düzýär.

Bu sanaw şol gün edara ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanýar we sanawdaky işgärleriň diýlen wagtynda bellenen ýerde toplanmagy talap edilýär.

Işe girjekleriň toplamaly resminamalary

Çäreden gijä galmagyň ýa-da oňa gatnaşmazlygyň gowy zat däldigini Türkmenistanda hemme kişi bilýär diýip, bir ýyl çemesi öň daşary ýurda çykan türkmen raýaty ‘çäre, üç arka’ sözlerini eşitse, henizem tisginýändigini aýdyp güldi.

'Üç arka' barlagy hemmeler üçin gorkuly däl

Emma muňa garamazdan, habarçymyz bilen gürleşen ýaşaýjylar ‘üç arka’ barlagynyň hakykatda çäre talaplary ýaly berk däldigini aýdýarlar.

“Işe kabul edilýän adamlardan üç arkasynda kazyýet tarapyndan jenaýat jogapkärçiligine çekilen adamlaryň bolup-bolmandygy barada maglumat soralmagyna garamazdan, edara-kärhanalarda golaý hossary ýa-da hut özi jenaýatda aýyplanyp, günäli tapylan we azatlykdan mahrum edilen adamlar, şeýle adamlaryň çagalary hem ýolbaşçy wezipelerde işläp bilýär” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen howpsuzlyk hünärmeni bu aýdylýany tassyklady we, adaty düzgün bozmalarda, korrupsiýada aýyplanyp, kazyýet tarapyndan iş kesilen, azatlykdan mahrum edilen döwlet emeldarlarynyň öňki etmişiniň olaryň geljekde, gaýtadan wezipä bellenmegine böwet bolman biljekdigini aýtdy.

“Ýörite gulluklaryň esasy ünsi hökümet syýasatyna garşy pikir edýän raýatlara gönükdirilýär. Ýagny olar hökümet syýasaty bilen ylalaşman, garşylyk düşünjesi esasynda, gara sanawa girizilen raýatlara gözegçilik etmeli. Şeýle pikirli adamlaryň maşgala agzalary, gününi dolamaklary üçin, tam süpüriji wezipesine hem kabul edilmeýär” diýip, hünärmen aýtdy.

Degişli maglumat Okuwa girýän ýaşlardan 'meýletin çäreçi' bolmaga razylyk haty alynýar


Azatlygyň habarçysy golaýda şu ýyl okuwa girýän ýaşlardan "meýletin çäreçi" boljakdyklary barada razylyk hatlarynyň alnyp başlanandygyny, olaryň ozalky çäreçilik tejribesine hem aýratyn üns berilýändigini, mekdep ýyllarynda çärä gatnaşyp alan ‘minnetdarlyk hatlarynyň’ hem soralýandygyny habar berdi.

Ýerli synçylar çäre talaplarynyň güýçlenmegini ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy we halk arasynda, sosial mediada edilýän nägilelik gürrüňleriniň köpelmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Azatlyk bu ýagdaýlar, şol sanda ýylda çärelere harçlanýan döwlet serişdesi barada häkimiýet wekillerinden resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Hökümet tankytçylary türkmenistanlylaryň boýnuna dakylýan çäreleriň mejbury zähmet bolup, raýatlaryň öz durmuşyny gowulandyrmak üçin sarp etjek wagtyny we energiýasyny ogurlaýandygyny, üstesine ýurdy ‘gülkä’ öwürýändigini öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.