ABŞ bilen Ýewropa Bileleşigi söwda babatynda iň uly ylalaşyga geldiler. Bu barada ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 27-nji iýulda, Britaniýanyň demirgazygyndaky Şotlandiýada Ýewropa komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen bilen geçiren gepleşiklerinden soň mälim etdi.
Trampyň sözlerine görä, ABŞ tarapyndan ÝB-den getirilýän harytlara salynjak import gümrük paçlary 15% derejesinde bolar; ylalyşga gelmek başartmadyk bolsa, bu 30%-e deň bolardy.
Tramp mundan başga-da, Ýewropa Bileleşiginiň ABŞ-dan 750 milliard dollar möçberinde energiýa serişdelerini satyn almaga, Birleşen Ştatlaryň ykdysadyýetine goşmaça 600 milliard dollar maýa goýmaga hem-de Amerikadan ýarag satyn almaga razy bolandygyny aýtdy.
Ursula fon der Laýen bulary tassyklady we jikme-jikleriň öňümizdäki hepdelerde aýdyňlaşdyryljakdygyny aýtdy.